Skip to main content
Gel Gürleşeli!

Gel Gürleşeli!

By Saglyk

Saglyk.Org tarapyndan gurnalan Türkmen jemgyýetinde uly gyzyklanma we seslenme döredýän temalar, soraglar barada gürrüňdeşlikler. Biz ylymdan, logikadan, meseläniň adamyň fiziki we ruhy saglygyna ýetirýän täsirlerinden ugur alýarys.
Available on
Google Podcasts Logo
Pocket Casts Logo
RadioPublic Logo
Spotify Logo
Currently playing episode

[BONUS] "Şol barada" bilimimiz: Joralar bilen söhbetdeşlik.

Gel Gürleşeli!Apr 09, 2022

00:00
12:26
[BONUS] "Şol barada" bilimimiz: Joralar bilen söhbetdeşlik.

[BONUS] "Şol barada" bilimimiz: Joralar bilen söhbetdeşlik.

Okyjylarymyzda iň kän reaksiýa döredýan meseläniň dowamy hökmünde "Joralar" proýektiniň gurnaýjylarynyň biri Aýnur bilen söhbetdeşligi size hödürleýäris. Aýnur öz proýektindäki iş tejribesinden salgylanyp aşakdaky soraglara jogap berdi:

  • Jora proýekti jemgyýetimizdäki nähili meseleleri çözmegi maksat edinýär?
  • Saňa şeýle işleri alyp barmaga nämeler itergi, näme sebäp boldy?
  • Sen öz işiňde jynsy terbiýäniň jemgyýetimizde ýetmezçiligi barada habar berýan haýsy hadysalara duş gelýärsiň?  Iň ýaýgyn ýagdaýlar?
  • Saňa jynsy terbiýe berildimi? Nirede? Nädip?
  • Sen öz çagaňa, jigiňe jynsy terbiýe berersiňmi? Näme üçin?
  • Okyjylardan gelen soraglar.

Jynsy terbiýe barada podkastymyzyň öňdäki epizodyny şu salgydan diňlemegi maslahat berýäris.

Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory www.saglyk.org)
Gatnaşan: Aýnur (Joralar Proýektiniň gurnaýjysy)
Ýazan we döreden: Kemal K (instagram/twitter: @pikirhana)

Apr 09, 202212:26
4. “Şol barada” bilimimiz" Ýaşlara bitewi jynsy terbiýe gerekmi?

4. “Şol barada” bilimimiz" Ýaşlara bitewi jynsy terbiýe gerekmi?

Podkastymyzyň şu sanynda okyjylarymyzda iň kän reaksiýa döredýan meselä ünsümizi gönükdirmekçi – jemgyýetimizde ýaşlara berilýan jynsy terbiýe we bu baradaky garaýyşlar. Jynsy terbiýe gaty uly hemem çylşyrymly mowzuk. 10 ýylyň dowamynda  şeýle ýagdaýy synlaýarys.  “Jynsy terbiýe” ýa “seksual bilim” diýlende, garaz içinde “seks” ýa “jyns” sözi bar bolan islendik söz düzümini eşiden okyjylaryň arasynda gönümel “jynsy gatnaşyklar” ýa-da “utançly, aýyp temalar” diýip düşünýänleri bar.  Ýa-da “seksual saglyk”, “biliňden aşakda” bolup geçýän ýagdaýlar adamyň saglygynyň bölegi däl diýen düşünje bar.  Döwrebap ylmyna görä şeýle garaýyşlar nädogry bolup ýaşlaryň saglygyna we gelejegine göniden göni ýaramaz täsir edýär. Onda, “jynsy terbiýe” nämekä? Bu çyndanam diňe jynsy gatnaşyklar barada öwredýän bilimmikä? Ýok, asla, beýle däl! Jynsy terbiýe – bu adam seksuallygy barada hemmetaraplaýyn bilimdir. Jynsy terbiýe diňe anatomiýa we kontrasepsiýa degişli maglumatlar bilen çäklenmeýär. Bitewi jynsy terbiýä  adamlaryň arasyndaky sagdyn gatnaşyklar, kyn ýagdaýlardan dogry baş alyp çykmak ýaly ukyplar hem degişlidir. Ýaşlara bitewi jynsy terbiýe gerekmi?  Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory www.saglyk.org) Ýazan we döreden: Kemal K (instagram/twitter: @pikirhana) 

Jul 28, 202112:43
3. Süýt mäziniň rak keseli barada näme bilmeli?

3. Süýt mäziniň rak keseli barada näme bilmeli?

"Erbet kesel bolsa almak bilen bolýar. Alaç ýok". Mümkin biziň köpümiz şeýle sözleri tanyşlarymyzdan, garyndaşlarymyzdan eşidendiris. Gürrüň süýt mäziniň rak keseli ýa-da göwüs ragy barada barýar. Şu gün biz bu sözleriň aňyrsynda ýatan gorky, habarsyzlyk, ynamsyzlyk barada söz açmakçy.

Myhman: Aynur

Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory. www.saglyk.org)

Ýazan we döreden: Pikirhana Media

Apr 10, 202119:56
2. Näme üçin türkmen dilini ulanmaýarsyň?

2. Näme üçin türkmen dilini ulanmaýarsyň?

21-nji fewral Halkara Ene Dili Güni. 10 ýyl bäri Saglyk türkmen dilinde maglumatlardyr materiallary döredip gelýär. Biz syn edýäs welin, psihologiýa, psihiki saglyk, adamyň seksual we reproduktiw (ýagny köpeliş ýa önelgelik) saglygyna gezek gelende, ýaş adamlar dil ugrundan kynçylyk çekýärler.   Şeýle-de bolsa, DIL diýlen zat diňe saglyk dilini öz içine almaýar. Adam dil bilen dünýä akyl ýetirýär, özüni we başgalary tanaýar, hem-de  geçmişini öwrenýär, geljegini gurýar. Adamzadyň ösmegi we özgermegi bilen, dil hem özgerýär. Türkmenleriň arasynda köp temalar barada pikir alyşylmaýar ýa-da başga dillerde alyşylýar. Bu ýagdaý biziň dilimiz barada näme habar berýär? Biz hem ene dilimizi ulanmaga, goramaga we ösdürmäge tijenýäsmi?  

Myhman: Azat (Instagram: https://www.instagram.com/Azadik/ ; Twitter: https://twitter.com/Azadik) 

Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory. www.saglyk.org)  

Ýazan we döreden: Pikirhana Media

Feb 21, 202136:05
Saglyk 2020: Jemleýji

Saglyk 2020: Jemleýji

Agyr gelen 2020-nji ýyly hem tamamlap barýarys. Bu ýyl şahsyýet we jemgyýet saglygynyň gymmatynyň synalan ýyly boldy. Netijede, ählimize gorky, näbellilik we alaçsyzlyk ýaly duýgular az ýanaşmady. Käbirlerimiz ýakyn adamlarymyzy ýitirdik (goý, olar hiç haçan unudylmasyn, yzlary ýarasyn). Bu ýylda bolup geçen ähli kynçylyklara garamazdan, başyň dik, janyň sagdyr diýip umyt edýäris. Pursatdan peýdalanyp, seni ýetip gelýän täze ýylyň bilen gutlaýarys. Goý, durmuşyňda hakykat, ylma ynam, we raýdaşlyk artsyn!

Maska dakynmagy, aradaşlygy saklamagy, ýakynlaryňdan hem habar almagy unutma!

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Sagdyn arzuwlar bilen,
Saglyk topary

Dec 31, 202005:43
1. Näme üçin aýallaryň ýarysy zulumy goldaýar?

1. Näme üçin aýallaryň ýarysy zulumy goldaýar?

25-nji noýabra- Aýal-gyzlara garşy zorluklary ýok etmegiň Halkara günine gabatlap geçirilen gürrüňdeşligi hödürleýäris. Gepleşigimiziň dowamynda birnäçe soraga bile jogap gözläris. Öýdäki zorluk näme? Türkmenistanda öýdäki zorluk meselesi barmy ýa ýok? Öýdäki zorluk barada nähili sanlar ilata elýeter? Kanun näme diýýär? Jemgyýet näme pikir edýär we gozgalan meseleleriň nähili anyk çözgütleri bar?

Myhmanlar: Azat, Kemal, Bossan

Alyp barýan: Aýnabat

Dörediji: Döwran Rejep

Gepleşigimiziň dowamynda birnäçe soraga bile jogap gözläris. Öýdäki zorluk näme? Türkmenistanda öýdäki zorluk meselesi barmy ýa ýok? Öýdäki zorluk barada nähili sanlar ilata elýeter? Kanun näme diýýär? Jemgyýet näme pikir edýär we gozgalan meseleleriň nähili anyk çözgütleri bar?

Nov 25, 202046:57